Oýun sanawy

Türkmenistan Gazagystana şireli içgileriň eksportyny ep-esli artdyrdy

16 Dek. 07:44

Çeşme

2025-nji ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 404,7 million amerikan dollaryna ýetdi. Bu barada Gazagystanyň LSM analitiki çeşmesi habar berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Gazagystana iberen harytlarynyň möçberi 2,3 esse ýokarlanyp, 242,5 müň tonna deň boldy, pul görnüşindäki bahasy bolsa 156,3 million dollara ýetdi. Eksportdaky iň uly ösüş şireli içgiler ugrunda hasaba alyndy — bu önümleriň iberilişi sekiz esseden hem köp artdy. Şeýle hem kükürt kislotasynyň eksporty 4,1 esse ýokarlandy, ýuwujy serişdeleriň iberilişi bolsa 31% artdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistana Gazagystandan getirilýän harytlar we hyzmatlar üçin tölenen umumy möçber 248,3 million dollar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,9% azdyr. Muňa garamazdan, Gazagystanyň türkmen bazaryna iberen önümleriniň umumy agramy 29% ýokarlanyp, 266 müň tonna ýetdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌