Oýun sanawy

Paýtagtda Ýeňiş gününiň baýramçylyk konserti geçiriler

06 Maý. 09:11

Çeşme

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy halkara ähmiýetli şanly senäniň hormatyna «Ýeňiş aýdymlary» atly täsirli sazly maksatnamany taýýarlady. 9-njy maýda sagat 18:00-da okuw mekdebiniň Uly zalynda guraljak bu çäre, taryhy gahrymançylygy we parahatçylygy dabaralandyrmaga gönükdirilendir. Konsertiň repertuary uruş ýyllarynyň we ondan soňky döwrüň iň meşhur, watançylyk ruhundaky eserlerini özünde jemleýär.

Baýramçylyk agşamynda meşhur «Durnalar», «Ýeňiş güni», «Gök ýaglyk» we «Bugdaýreňk gyz» ýaly dünýä tanylan aýdymlar täzeçe öwüşginde ýaňlanar. Bu sazlaryň her biri taryhyň kyn günlerini, umydy we ýeňşe bolan ynamy aňladyp, diňleýjilerde ýakymly nostalgiýa we ruhy joşgun döreder. Maksatnama diňe bir taryhy hatyralamak däl, eýsem klassiki aýdym sungatynyň nusgalaryny wagyz etmek maksady bilen düzülendir.

Sahnada ýurdumyzyň iň tanalýan sungat ussatlary, şol sanda Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri bilen bir hatarda, zehinli ýaş aýdymçylar hem çykyş ederler. Konsertiň guramaçysy Stella Faramazowanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan bu döredijilikli agşamda professional sesler we janly saz utgaşyp, tomaşaçylara ruhy lezzet berer. Ýaş hünärmenleriň we ussatlaryň bilelikdäki çykyşlary nesilleriň dowamatlylygyny görkezýän aýdyň mysaldyr.

Giriş biletleriniň mugt bolmagy bu medeni çäräniň ähli gyzyklanýan taraplar, şol sanda talyplar we uly ýaşly nesliň wekilleri üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Baýramçylyk konserti paýtagtymyzyň medeni durmuşynda möhüm waka bolup, uruş gahrymanlarynyň hatyrasyna bitirilen özboluşly sowgat bolar. Ähli arzuw edýänler şol agşam konserwatoriýanyň Uly zalyna çagyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌