Oýun sanawy


Türkmenistanyň energetika pudagy üçin «Lu Ban ussahanasy» arkaly täze hünär derejeleri açylýar
04 Maý. 05:23Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda döredilen «Lu Ban ussahanasy» ýurduň ýangyç-energetika toplumy üçin dünýä standartlaryna laýyk gelýän hünärmenleri kemala getirmegiň esasy merkezine öwrüldi. Bu täze okuw-önümçilik meýdançasy häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasion usullaryny ulanmak arkaly ýaşlaryň hünär kämilleşmegini üpjün edýär. Taslama Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň strategik netijesi hökmünde garalýar.
Merkeziň esasy ugurlary peýdaly magdanlaryň geologiýasyny öwrenmek we nebitgaz pudagynda iň döwrebap maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bakalawr derejesindäki talyplar bu ýerde sanly tehnologiýalar we önümçilik amallaryny dolandyrmak boýunça çuňňur bilim alarlar. Şeýle hem, bu merkez diňe bir talyplar üçin däl, eýsem mugallymlaryň we tehniki hünärmenleriň hünär derejesini halkara tejribesi esasynda ýokarlandyrmak üçin hem uly mümkinçilikleri hödürleýär.
Ussahananyň tehniki üpjünçiligi iň ýokary derejede bolup, onuň düzüminde ýöriteleşdirilen geologiýa barlaghanalary, maglumat tehnologiýalary boýunça täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan otaglar we uly gölemli maglumatlary saklamak üçin serwer merkezleri bar. Bu binalar talyplaryň tomusky tejribeliklerini netijeli geçirmegine we ylmy barlaglary amala aşyrmagyna ýardam berýär. Şeýlelikde, nazary bilimler önümçilik şertlerine golaýlaşdyrylan tejribeler bilen berkidilýär.
Halkara derejesindäki bu taslama Hytaýyň iri nebit uniwersitetleriniň we CNPC korporasiýasynyň gatnaşmagynda amala aşyryldy. «Lu Ban ussahanasy» dünýäniň 30-dan gowrak döwletinde üstünlikli işleýän abraýly bilim ulgamy bolup, Türkmenistanda açylmagy ýurduň ylym pudagynyň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýär. Bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky ykdysady we ylym-bilim gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine uly goşant goşýar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.