Oýun sanawy

Türkmenistanda 18 ýokary okuw mekdebinden talyplar gatnaşan Açyk breýn-ring geçirildi

09 Dek. 06:43

Çeşme

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurdumyzyň 18 ýokary okuw mekdebiniň talyplary arasynda Açyk breýn-ring bäsleşigi guraldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de täze 2026-njy ýyly garşylamaga bagyşlanan bu bäsleşik «Hemişelik Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk» diýen şygar bilen geçdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň belleýşi ýaly, ýaryşa ýüzden gowrak talyp gatnaşdy.
Breýn-ring türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilip, üç tapgyrdan ybarat boldy. Her tapgyrda gatnaşyjylar 12 sowala jogap berdiler.

Netijeleriň jemine görä, I orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti paýlaşdy.
II ýere Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty mynasyp boldy.
III ýer bolsa Türkmen döwlet maliýe institutyna we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna berildi.

















Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar

10 Sen. 11:39

Çeşme

5-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.

Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.