Oýun sanawy

Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze halkara standartlary: Britaniýa bilen hyzmatdaşlyk

27 Few. 12:41

Çeşme

London şäherinde Türkmenistanyň bilim edaralary bilen Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy düzümleriniň arasynda geljegi uly bolan dört sany resminama gol çekildi. Bu ähtnamalar bilimde baha bermek, hünär derejesini halkara derejesinde tassyklamak we mugallymçylyk usulyýetini kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.

Bilim ministrligi tarapyndan Pearson we AQA Global Assessment Services ýaly dünýä belli edaralar bilen ýola goýlan gatnaşyklar okuwçylaryň we hünärmenleriň ukyplaryny täzeçe bahalandyrmaga şert döreder. Şol bir wagtda, Milli bilim instituty hem-de D. Azady adyndaky Diller instituty NILE we Nottingem Trent uniwersiteti bilen bilelikdäki akademiki maksatnamalary durmuşa geçirerler. Ministriň orunbasary A. Ataýewiň britan wekilleri bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde, bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin ýörite «ýol kartalaryny» taýýarlajak işçi toparlary dörediler.

 

 

Kemal Welmämmedow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌