Oýun sanawy

2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da ýolbaşçylygy: Duşenbedäki duşuşygyň esasy netijeleri

11 Okt. 07:07

Çeşme

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary ýygnandy.
Tajigistanyň paýtagtynda geçirilen sammite Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Özbegistan we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  şeýle-de GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy.


Duşuşykda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyny öz üstüne aljakdygy yglan edildi. Bu kararyň kabul edilmegi ýurduň bitaraplyk syýasatynyň we sebitleýin hyzmatdaşlykda alyp barýan işleriniň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Nobatdaky GDA-nyň liderleriniň duşuşygyny 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçirmek bellenildi.


Duşuşykda terrorçylyk we ekstremizm bilen göreş boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin täze hyzmatdaşlyk maksatnamasy tassyklanyldy. Bu resminama hukuk ulgamyny ösdürmegi, bilelikdäki çäreleri geçirmegi hem-de hünärmenleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Şeýle-de, 2030-njy ýyla çenli GDA ýurtlarynyň daşarky serhetlerini güýçlendirmek boýunça maksatnama kabul edildi.

Ykdysady ugurda sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen deklarasiýa kabul edildi. Bu resminama energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny we ýangyç-energetika ulgamynyň ygtybarlylygyny berkitmäge gönükdirilendir.

Täze hyzmatdaşlyk meýdançasy — «GDA Plus»
Duşuşygyň möhüm başlangyçlarynyň biri hem «GDA Plus» atly täze platformanyň döredilmegi boldy. Bu meýdança GDA ýurtlaryna beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Sammitde birnäçe halkara meseleler boýunça hem bilelikdäki beýanatlar kabul edildi — olaryň hatarynda transmilli jenaýatlara garşy göreş, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we Çernobyldaky betbagtçylyk bilen baglanyşykly resminamalar bar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.