Oýun sanawy

Aşgabatda türkmen alabaýlaryna bagyşlanan halkara bäsleşik geçiriler

10 Okt. 07:52

Çeşme

26-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlaryna bagyşlanan halkara bäsleşik geçiriler. “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly bäsleşik baýramçylyk çäreleriniň esasy bölegi bolar. Bu baýramçylyk türkmen alabaýynyň milli buýsanç hökmünde dünýä derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bäsleşikde alabaýlaryň iň gowy we saýlama wekilleri öz aýratynlyklary boýunça baha alar. Maksat – türkmen alabaýynyň gahrymanlygyny we baý taryhy mirasyny giň jemgyýetçilige tanatmak.

Şeýle-de çäreleriň çäginde halyçylar, suratkeşler, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar, neşirýat işgärleri we teleoperatorlar arasynda döredijilik bäsleşikleri geçiriler. Olaryň işi – türkmen alabaýynyň keşbini sungatyň dürli görnüşlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda we neşir önümlerinde açyp görkezmekdir.

Türkmenistanyň Prezidenti emin agzalarynyň düzümine tassyknama berdi we çäreleriň degişli karara laýyklykda ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

















Wenesiýa kinofestiwalynda Ilon Mask barada täze dokumental film görkezildi

Bugün 06:58

Çeşme

Wenesiýa halkara kinofestiwalynda režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, telekeçi Ilon Maskyň ömri we işi baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bäsleşikden daşgary görkezilen we takmynan dört sagat dowam edýän bu kinofilmiň golaýda Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkezilmegi, 16-njy oktýabrda bolsa dünýä kinoteatrlaryna çykarylmagy meýilleşdirilýär.

Filmi döredijiler tarapyndan köpçülige hödürlenen tizer-wideo rolikde milliarder barada dürli garşylykly pikirler beýan edilýär. Onda käbir hünärmenler Masky häzirki döwrüň beýik oýlap tapyjysy diýip atlandyrsa, beýlekiler ony hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Tizer kosmos gämisiniň partlamagy we Maskyň «ýadro bombasy» bilen deňeşdirilmegi bilen tamamlanýar.

Tizerde Talking Heads toparynyň öňki solisti Dewid Birniň täze aýdymy ýaňlanýar. Kinoteatrlardaky resmi görkezilişleri tamamlanandan soňra, bu dokumental film HBO we Max striming platformalarynda tomaşaçylara hödürlener.