Oýun sanawy


Türkmenistanda metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrýan täze bioserişde döredildi
24 Awgust. 17:40Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri Durdymyrat Gadamowyň we Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda toprakdaky metan zyňyndylaryny netijeli arassalaýan täze nesil bioserişdesini oýlap tapdylar. Bioserişdede ýerli klimata uýgunlaşan bakteriýalar ulanylyp, olar metanmonooksigenazyň kömegi bilen metany kömürturşy gaza we suwa öwürýärler.
Atmosferada ýylylygy kömürturşy gazyndan onlarça esse güýçli saklaýan metan global ýylamanyň esasy sebäpleriniň biridir. Täze işlenip düzülen önüm senagat zolaklarynda metany zyýansyzlandyrmakda ýokary netijeliligi, ýerli çig mala neberesizligi we daşky gurşaw hem-de adam saglygy üçin doly howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.
Bu ylmy utuş Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen ekologiýa gözegçiligini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan syýasatynyň nobatdaky möhüm ädimidir.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.