Oýun sanawy


Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady
07 Aprel. 05:56Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Milli Lider türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan ýollan bu gutlagynda adamyň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň iň ýokary ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Gutlagda ýurduň Esasy Kanunyna laýyklykda, adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilendigi aýratyn nygtalýar.
Hatyň mazmunynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýan düýpli özgertmelere, hususan-da, ýurduň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap hassahanalara we şypahanalara ýokary baha berilýär. Maşgala lukmançylygyny ösdürmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet Baştutanynyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň amaly dabaralanmasy hökmünde häsiýetlendirilýär.
Şeýle hem gutlagda «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenilip geçilýär. Bu resminama lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän Halkara pediatriýa we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, şeýle hem «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumy ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen anyk ädimlerdir.
Milli Lider öz gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite sylagynyň gowşurylmagynyň türkmen lukmançylygynyň halkara derejesindäki uly ykrarnamasydygyny nygtady. Gutlagyň ahyrynda döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür we halkyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan ähli asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi. Bu baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen jebisligini we sagdyn geljege tarap okgunly ösüşini ýene-de bir gezek tassyklady.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.