Oýun sanawy


Aşgabatda Winter Cup 2025 intellektual ýaryşy geçiriler
19 Dek. 11:1821-nji dekabrda Aşgabat şäherinde Winter Cup 2025 atly intellektual ýaryş geçiriler. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralýar. Ýaryş iki tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrda 12 sorag berler.
Bäsleşige diňe öňünden bellige alnan toparlar gatnaşyp biler. Oýunlaryň netijelerine görä, iň güýçli iki topar final tapgyryna çykyp, 2025-nji ýylyň gyş möwsüminiň iň gowy topary ady ugrunda bäsleşer.
Ýaryş Aşgabat şäherindäki Arçabil şaýolunyň 41-nji jaýynda ýerleşýän «Angar» resto-klubynda geçiriler. Başlanjak wagty sagat 12:00.
Çäräniň iş dilleri türkmen we rus dilleri bolup durýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň