Oýun sanawy

MAX messenjeri Türkmenistanda hasaba alyşy işe girizdi

11 Few. 05:13

Çeşme

MAX habarlaşyk hyzmaty öz iş gerimini giňeldip, indi +993 telefon belgisi bilen Türkmenistandan ulanyjylara hem hasap açmaga mümkinçilik berýär.

Ondan öň hyzmat Russiýa, Belarus, Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Özbegistan we Gruziýa ýaly ýurtlarda elýeterli bolupdy. Şeýle hem GDA-nyň daşyndaky ýurtlardan Indoneziýa, Malaýziýa, Taýland, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri we Laos ýaşaýjylary hasaba alnyp bilýärdi. Häzirki wagtda bu sanawa Türkmenistan hem goşuldy.

Profil döretmek üçin MAX-yň mobil ýa-da kompýuter üçin niýetlenen programmasyny ýükläp almak talap edilýär, sebäbi brauzer arkaly hasap açmak mümkin däl. Hasaba alyş tertibi şeýle: telefon belgisi girizilýär, SMS arkaly gelen alty belgili tassyklama kody ýazylýar, ulanyjy ady görkezilýär we islege görä profil suraty ýerleşdirilýär.

Käbir sebitlerde mümkinçilikler çäklendirilen görnüşde işleýär. Ulanyjylar diňe özlerini kontaktlaryna goşan ýa-da ilkinji bolup habar iberen adamlar bilen ýazyp bilýärler. Şeýle-de nätanyş ulanyjylar bilen özbaşdak söhbet başlatmak ýa-da çakylyk arkaly toparlaýyn çatlara goşulmak rugsat edilmeýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌