Oýun sanawy


2025-nji ýylda Türkmenistanyň üsti bilen 21 müňden gowrak konteýner daşaldy
27 Ýan. 06:202025-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden jemi 21 müň 320 sany konteýner ýük daşamasy amala aşyryldy. Şolaryň 10 müň 470-si üstaşyr, 6 müň 450-si eksport, 4 müň 400-si import ugurlaryna degişlidir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň üsti bilen konteýner dolanyşygynyň 10 müň 200 sanyna artmagy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň resmi internet çeşmesinde habar berildi.
Görkezilen ösüş halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň netijesi bolup durýar. Hususan-da, Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa hem-de Özbegistanyň gatnaşmagynda döredilen multimodal ugurlar boýunça amatly şertleri döretmek maksady bilen geçirilen duşuşyklar möhüm ähmiýete eýe boldy. Hasabat döwründe bu ugurlar arkaly Türkmenistanyň üsti bilen jemi 74 sany konteýner otlusy üstaşyr geçirildi.
Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişi we ösdürilýän logistika mümkinçilikleri «Demirgazyk — Günorta», «Lapis-Lazuli» we «Gündogar — Günbatar» halkara ulag geçelgelerinde konteýner ýük dolanyşygynyň giňden ulanylmagyna şert döredýär. Bu bolsa üstaşyr, import we eksport ýük akymlarynyň artmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara ulag ulgamyndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň