Oýun sanawy


«Galkynyş» känindäki gaz taslamasy üçin işgärleri kabul etmek çäreleri başlandy
21 Maý. 15:25Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň şahamçasy «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň çäginde täze hünärmenleri işe alýandygyny mälim etdi. Doly taýýar görnüşde tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu iri taslama guýulary burawlamagy, taslamagy hem-de tebigy gazy taýýarlaýjy kämil desgany gurmagy öz içine alýar. Gurluşygy meýilleşdirilýän desganyň kuwwatynyň netijesinde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmek meýilleşdirilýär.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebäpli dürli ugurlar boýunça köpsanly iş orunlary döredildi. Häzirki wagtda inženerçilik we buraw işlerini dolandyrmak, zähmeti goramak hem-de tehniki howpsuzlyk ugurlary boýunça hünärmenlere zerurlyk bar. Şonuň bilen birlikde, hukukçylar, maliýe we satyn alyş hünärmenleri, HR-menejerler, IT-tehnikler, terjimeçiler, kätipler, awiakassa we wiza işleri boýunça iş ýöredijiler, sürüjiler, goragçylar hem-de hojalyk we aşhana işgärleri işe çagrylýar. Täze iş ýerleri Aşgabat we Mary şäherlerinde ýerleşýär.
Iş gözleýän dalaşgärleriň taýýarlygyna we tejribesine üýtgewsiz talaplar bildirilýär. Hökmany şertleriň hatarynda saýlap alan hünäriňiz boýunça azyndan üç ýyllyk zähmet tejribesiniň bolmagy we rus dilini kämil derejede bilmek talaby bar. Hytaý dilini bilýän dalaşgärlere bolsa saýlaw döwründe aýratyn artykmaçlyk berler.
Dalaşgärleriň resminamalary we maglumatnamalary yglan çap edilen gününden (2026-njy ýylyň 12-nji maýyndan) başlap, 30 senenama günüň dowamynda kabul edilýär. Anketa we maglumatlary şu salga ibermek mümkindir: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3-nji jaý, «A» blok, 1-nji gat. Ýörite bellenilen söhbetdeşlige diňe resminamalary deslapky seljerişden üstünlikli geçen şahslar çagrylar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.