Oýun sanawy


Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekili Nowruz Myratdurdyýew Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde taryhy üstünlik gazandy. GDA agza ýurtlaryň arasynda iň zehinli hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşikde türkmen hünärmeni birbada iki sany abraýly baýraga — «GDA-nyň iň gowy mugallymy» we «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen hormatly atlara mynasyp boldy.
N. Myratdurdyýewiň ylmy işi lukmançylyk terminologiýasynyň we daşary ýurt dillerindäki lukmançylyk nakyllarynyň leksiki aýratynlyklaryna bagyşlandy. Onuň ylmy-pedagogik ukyby we okatmagyň innowasion usullary halkara eminleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu üstünlik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň we ylmy taýýarlygyň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini ýene bir gezek subut etdi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijä I derejeli diplom, ýörite döşe dakylýan nyşan we halkara derejeli şahadatnama gowşuryldy. Gazagystanyň innowasion merkezleri tarapyndan guralan bu çäre Arkalaşygyň çäginde ylmy-bilim gatnaşyklaryny berkitmekde we ýaş alymlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.