Oýun sanawy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini giňeltdi

28 Ýan. 08:10

Çeşme

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji ýanwardan güýje giren halkara uçuşlaryň täze tertibini yglan etdi. Täzelenen meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan Ýakyn Gündogar ýurtlaryna, Aziýa–Ýuwaş umman sebitine hem-de Ýewropa döwletlerine degişli 14 şäher ugruna yzygiderli gatnawlar amala aşyrylýar. Bu çäre Türkmenistan üçin halkara ulag aragatnaşygyny has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Awiakompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Aşgabadyň halkara howa menzilinden Birleşen Arap Emirliklerine (Dubaý, Abu-Dabi), Saud Arabystanyna (Jidda), Hindistana (Deli), Hytaýa (Pekin), Taýlanda (Bangkok), Wýetnama (Hoşimin), Malaýziýa (Kuala-Lumpur), Koreýa Respublikasyna (Seul), Beýik Britaniýa (London), Germaniýa (Frankfurt), Italiýa (Milan), Russiýa Federasiýasyna (Kazan) hem-de Türkiýä (Stambul) uçuşlar ýerine ýetirilýär.

Türkmenistandan iň köp uçuşlar Stambul we Kazan ugurlary boýunça amala aşyrylýar. Pars aýlagy ýurtlaryna hepdede ýedi uçuşa çenli hyzmat edilýär. Aziýa şäherlerine gatnawlar hepdede bir ýa-da iki gezek, Ýewropa ýurtlaryna bolsa hepdede iki gezek ýolagçylara hyzmat edip, Türkmenistanyň halkara howa gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌