Oýun sanawy


Daşoguzda bagşy-sazandalaryň sungatyny dabaralandyrýan ýeke-täk muzeý hereket edýär
24 Mart. 17:23Türkmenistanyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän Bagşy muzeýi özüniň täsinligi we milli gymmatlyklary gorap saklamakdaky tutýan orny bilen tapawutlanýar. 1992-nji ýylyň dekabrynda esaslandyrylan bu medeni ojak türkmen halkynyň ruhy mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde, aýratyn-da bagşyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda saldamly goşant goşýar. Muzeý diňe bir taryhy gymmatlyklaryň saklanýan ýeri bolman, eýsem, ýaş nesiller üçin uly mekdep bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda muzeýiň gaznasynda aýdym-saz döredijiligine degişli müňlerçe edebiýat we ýüzlerçe seýrek duş gelýän eksponatlar bar. Olaryň arasynda türkmen halkynyň milli saz gurallary bolan dutar, gyjak, gopuz we tüýdük ýaly nusgawy gurallar aýratyn orun eýeleýär. Her bir eksponat türkmen saz medeniýetiniň köpasyrlyk taryhyndan we bagşylaryň ussatlyk mekdebinden habar berýär.
Muzeýiň sergi diwarlary Magtymguly Garlyýew, Nazar baga, Öre şyh ýaly ady rowaýata öwrülen bagşylaryň, şeýle hem Akçagül Myradowa we Sülgun Meretgeldiýewa ýaly zenan bagşylaryň manyly ömür ýoly hem-de döredijiligi barada gürrüň berýär. Bu meşhur şahsyýetleriň galdyran mirasy şu günki gün häzirki zaman bagşy-sazandalary tarapyndan dowam etdirilýär. Köp sanly ýaş ýerine ýetirijiler muzeý bilen yzygiderli aragatnaşykda bolup, öz ussatlyklaryny kämilleşdirýärler.
Soňky döwürde muzeýiň gaznasy täze gymmatlyklar bilen baýlaşdyrylýar. Olaryň biri hem halk bagşysy Ilaman Annaýewiň çekilen portretidir. Daşoguz şäherinde geçirilýän bagşy-sazandalaryň festiwalyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu taryhy muzeýe zyýarat edip, türkmen saz sungatynyň geçmişi we şu güni bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.