Oýun sanawy


«Möý adam: Täze gün» diýen täze kinosureti görkezilip başlan gününden bäri bary-ýogy 19 günüň içinde dünýä boýunça 2,02 milliard dollar kassa ýygymyny toplady. Kinematografiýa taryhynda bu sepgide diňe 2019-njy ýylyň aprelinde 11 günüň dowamynda 2 milliard dollardan gowrak gazanan «Ar alyjylar: Final» filmi mundan hem çalt ýetipdi.
Franşizanyň täze filmi ABŞ-nyň içki prokatynda 700 million dollarlyk sepgidi hemmeden tiz geçmegi başardy. Häzirki wagtda kinosuret ABŞ-da 786 million dollar, halkara bazarlarynda bolsa 1,236 milliard dollar gazanyp, dünýäniň 68 ýurdunda üstünlikli görkezilýär.
Dünýä kassa ýygymy boýunça ikinji orunda Kristofer Nolanyň 84 ýurtda görkezilýän «Odisseýa» filmi barýar. Bu film jemi 1,3 milliard dollar (ABŞ-da 505 million dollar, beýleki ýurtlarda 789 million dollar) toplady. «Odisseýa» filmi geçen dynç günleri Hytaýyň kino bazaryna çykyp, ilkinji günüň özünde 36,6 million dollar petek satmagy başardy.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.