Oýun sanawy


Paýtagtymyzda giň gerimli “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka öz işini dowam edýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan bu çäre indi ajaýyp däbe öwrülip, diňe bir çagalar üçin harytlar we hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, bilim ulgamynda tejribe alyşmak üçin-de giň mümkinçilikleri döredýär.
Serginiň açylyş dabarasy çagalaryň döredijilik çykyşlary, aýdym-saz bilen bezeldi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşyjylara iberen Gutlagy-da uly üns bilen diňlenildi. Onda çagalaryň şatlygyň we bagtyýarlygyň baş alamaty bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.
Sergide ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan gatnaşyjy 80-den gowrak edara-kärhana öz önümlerini görkezýär. Olaryň hatarynda Birleşen Arap Emirliklerinden, Fransiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan wekiller bar. Serginiň diwarlyklarynda çagalar üçin oýnawaçlar, okuw esbaplary, okuw merkezleriniň hyzmatlary, şeýle hem saglygy goraýyş serişdeleri giňden görkezilýär.
Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň mümkinçilikleri, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň öndürýän önümleri we dünýä belli kompaniýalaryň hyzmatdaşlyk teklipleri myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle hem ýerli önüm öndürijiler tarapyndan taýýarlanylýan ýokary hilli azyk önümleri, çaga iýmitleri, arassaçylyk serişdeleri giňden hödürlenýär.
Serginiň çäklerinde dürli döredijilik meýdançalary, okuw sapaklary, ussatlyk dersleri, şeýle hem bäsleşikler guralýar. Çagalaryň arasynda emedekleme ýaryşy, çalt ýazmak boýunça bäsleşikler, robot tehnikasy boýunça çäreler uly şowhun bilen geçýär. Şeýlelikde, ýaş nesliň zehin we başarnyklary açylýar, üstünlik gazananlara ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.
Kitap ýarmarkalarynda ýaş aýratynlyklara laýyklykda hödürlenýän kitaplar we öwrediji gollanmalar ata-eneleriň hem ünsüni çekýär. Şeýle çäreler çagalaryň okuwa gyzyklanmasyny, döredijilik pikirlenişini ösdürmäge ýardam edýär.
Umuman, “Kids EXPO” diňe bir işewürlik hyzmatdaşlygy üçin däl, eýsem, maşgala dynç alyşy, çagalar üçin täze mümkinçilikler bilen tanyşmak, tejribe alyşmak üçin hem möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Bu giň möçberli gözden geçiriliş ýaş nesilleriň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Sergi 23-nji awgusta çenli dowam eder, ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.