Oýun sanawy


Häzirki zaman logistikasynda wagt iň gymmatly serişde hasaplanýar. Täze guralan «Cargo TM» ykjam goşundysy ýük iberijiler bilen sürüjileriň arasyndaky araçylary aradan aýyryp, olary göni birikdirýän sanly meýdança hökmünde çykyş edýär. Bu ulgam kiçi göwrümli posylkalardan başlap, halkara derejesindäki uly ýük daşamalaryna çenli ähli hyzmatlary elýeterli edýär.
Platformanyň işi Türkmenistanyň çägini we tutuş Ýewraziýa giňişligini öz içine alýar. Ulanyjylaryň amatlylygy üçin goşundy bäş sany esasy bölüme bölünipdir: halkara gatnawlary, ýurt içindäki welaýatara gatnawlar, şäherara hyzmatlar, ýolagçy gatnatmak we poçta hyzmatlary. Şeýle takyk bölünme zerur bolan ulagy ýa-da ýüki sanlyja sekuntda tapmaga mümkinçilik berýär.
Goşundynyň esasy artykmaçlygy onuň ýönekeýligindedir. Ulanyjylar öz bildirişlerini taýýar şablonlar arkaly çalt ýerleşdirip bilýärler, gyzyklanýan taraplar bolsa telefon belgileri arkaly gönümel habarlaşyp, şertleri ylalaşýarlar. Hiç hili gizlin algoritmler ýa-da artykmaç tölegler göz öňünde tutulmandyr.
«Cargo TM» diňe bir ýük daşama däl, eýsem ýolagçy gatnawlary we resminamalary çalt ugratmak üçin hem amatly çözgütdir. Häzirki wagtda goşundyny Google Play we App Store platformalaryndan ýükläp alyp, logistika amallaryny has-da ýeňilleşdirip bolýar. Bu sanly platforma wagtyny we serişdesini tygşytlamagy saýlaýan telekeçiler hem-de hususy şahslar üçin döredildi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.