Oýun sanawy


Türkmenistanly žurnalist «Serhetsiz Hazar» halkara döredijilik bäsleşiginde 1-nji orny eýeledi
23 Awgust. 05:5021-22-nji awgustda Astrahanda X ýubileý Hazar media forumy geçirildi. Forumyň işine we onuň çäginde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumyň ikinji gününiň çäginde «Serhetsiz Hazar» atly halkara döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Žurnalistler birleşigi we Astrahan oblasty tarapyndan guralyp, «FotoHazar», «Täzeçe garaýyş», «Adam we deňiz», «Hazar ýurtlaryny açmak» we «Hazar deňzi – saglyk sebiti» ýaly ugurlar boýunça geçirilýär.
Hazarýaka ýurtlaryň žurnalistleriniň arasynda iň gowy žurnalistik eserler, fotosuratlar boýunça her ýyl geçirilýän halkara döredijilik bäsleşiginde «Türkmenistan» gazetiniň žurnalisti Muhammet Bekgiýew 1-nji orna mynasyp boldy.
Türkmenistanly žurnalist bäsleşigiň «Hazar ýurtlaryny açmak» ugry boýunça gatnaşyp, «Abaýyň dünýäsi ýa-da häzirki zaman dünýäsinde onuň pelsepeleriniň ähmiýeti» atly makalasyny hödürledi. Makalada görnükli gazak akyldary Abaý Kunanbaýewiň pelsepeleriniň häzirki döwürdäki ähmiýeti, Türkmenistan bilen Gazagystanyň Hazar sebitinde syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýola goýan gatnaşyklary beýan edilýär.
Şeýle-de «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy, Türkmen döwlet sport we bedenterbiýe institutynyň žurnalistika hünäriniň talyby Ilaman Çüriýew Aşgabat şäherinde geçirilen halkara forumlara hem-de türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsine bagyşlanan fotoreportažlar toplumy bilen gatnaşyp, bu bäsleşigiň «FotoHazar» ugry boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. «CentralAsia.news» onlaýn neşiriniň Türkmenistan boýunça habarçysy Wagif Samedow «Sirk sungaty Türkmenistanyň medeniýetini baýlaşdyrdy» atly makalasy bilen eminler toparynyň ýörite baýragynyň eýesi boldy.
Habar berlişi ýaly, şu ýyl bu bäsleşige Hazarýaka ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden 120-den gowrak iş kabul edilipdir.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.