Oýun sanawy

Önümçilik üstünligi: «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

31 Iýul. 14:29

Çeşme

Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Gözleg-burawlaýyş işleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy boýunça «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Känini özleşdirmegiň çäklerinde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňluga çenli burawlandy.

Geçirilen barlag-synag işleriniň netijesinde guýynyň 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralygyndan bir gije-gündizde 150 — 200 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gazyň akymy alyndy.

Merkezi Garagum zolagynda ýerleşýän bu kände gaz akymynyň alynmagy nebitgaz pudagynyň zähmetkeşleriniň Garaşsyzlyk baýramyny ýokary zähmet ýeňişleri bilen garşylamak ugrundaky netijeli işleriniň aýdyň subutnamasy boldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌