Oýun sanawy


Aşgabatda ÝB-niň wekilhanasynda Roždestwo mynasybetli kitap çäresi geçirildi
22 Dek. 09:44Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynda Roždestwo baýramy mynasybetli kitap ýarmarkasy guraldy. Bu çärede şäheriň iri kitap dükanlary birleşip, myhmanlara dürli ugurlardan we žanrlardan bolan neşirleri hödürlediler. Roždestwo sazlary we baýramçylyk tagamlary Türkmenistanyň medeni gurşawynda aýratyn şatlyk döretdi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň maglumatyna görä, kitap alyş-çalyş meýdançasy myhmanlaryň iň köp ünsüni çeken bölümleriň biri boldy. Bu meýdança Türkmenistanyň jemgyýetinde okamak medeniýetini ösdürmäge, daşky gurşawa jogapkärçilikli garaýşy güýçlendirmäge we okyjylaryň arasynda göni aragatnaşygy giňeltmäge ýardam berdi.
Kiçi ýaşly gatnaşyjylar üçin Aýaz baba bilen duşuşyk guralyp, Täze ýyl temaly bäsleşikler geçirildi. Şeýle hem çagalar üçin döredijilik ussatlyk sapaklary alnyp baryldy we Aýaz babanyň poçta bölümi görnüşinde interaktiw meýdança döredildi.
Guramaçylar şeýle medeni çäreleriň Türkmenistanyň halkara medeni hyzmatdaşlygyny berkitmekde hem-de ilatyň arasynda kitap okamaga bolan gyzyklanmany artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň