Oýun sanawy

Täze ýyl Bossan Concept-de başlandy!

24 Okt. 09:50

Çeşme

Ýurdumyzda gyş baýramlaryna taýýarlyk dowam edýän mahaly, Bossan Concept dükanynda täze ýylyň şatlygy eýýäm duýulýar.

 

23-nji oktýabrda bu ýerde «Çagaçylyga dolan! Syrk seni garaşýar!» ady bilen täze ýyl möwsüminiň açylyş dabarasy geçirildi.

 

Myhmanlara baýramçylyk çykyşlary, syrk oýunlary, bäsleşikler, sowgatly oýunlar we şatlykly ýagdaý hödürlenildi. Her gelen adam çagalygyň täsin duýgusyny we Täze ýylyň jadyly ruhuny duýdy.

 

Iň gowy täze ýyl keşbi üçin geçirilen bäsleşik aýratyn gyzyklanma döretdi. Ýeňijilere Bossan Concept tarapyndan baýraklar, täze ýyl arçalary hem-de sertifikatlar gowşuryldy.

Dabara meşhur şahslaryň gatnaşmagy bu çäreň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy.

 

Şeýlelikde, Bossan Concept täze ýyl möwsümini resmi taýdan açdy we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna baýramçylyk ruhuny, şatlykly duýgulary bagyş etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌