Oýun sanawy

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

03 Dek. 07:17

Çeşme

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny gurap, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy. Saparyň çäginde döwlet Baştutany welaýatda oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi maglumat berdi.

Maslahatda oba hojalyk pudagynyň ösdürilişi, bu ugurdaky ylmy-barlag işleriniň häzirki ýagdaýy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew häzirki wagtda däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk institutlarynda alnyp barylýan işler, aýratyn-da, ekerançylygy we tohumçylygy ylmy esasda kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler dogrusynda hasabat berdi.

Hasabaty diňläp, Prezident ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan işleriň oba hojalygyny diwersifikasiýa ýolunda ösdürmekde möhüm orun tutýandygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Maslahatyň dowamynda Mary welaýatynyň häkimi D. Annaberdiýew we beýleki degişli ýolbaşçylar ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de dürli ekinleriň täze görnüşlerini synagdan geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn ylmy işler barada maglumat berdiler.

Döwlet Baştutany seleksiýa we tohumçylyk ugurlarynda alnyp barylýan ylmy işleriň hiline aýratyn ähmiýet berilmelidigini, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň we häzirki zaman agrotehnologiýalarynyň içgin öwrenilmelidigini nygtady. Şeýle hem alymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokary götermek zerurdygyny belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi we maslahaty jemledi.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.