Oýun sanawy


Wladimir Putin Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki tagallalaryna ýokary baha berdi
12 Dek. 09:16Rus kompaniýalary Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi maksat edinýärler. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda eden çykyşynda belledi.
«2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda söwda dolanyşygy eýýäm 35 göterim ösdi. Rus kompaniýalary türkmen bazarynda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ygrarlydyrlar. Energetika, ulag we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk pugtalanýar» diýip, Russiýanyň döwlet Baştutany nygtady.
Prezident Wladimir Putiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda ösýär hem-de häzirki zaman köp polýarly dünýäde hyzmatdaşlygyň nähili gurulmalydygynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.
Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti medeni, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigine ünsi çekdi. «Russiýada 54 müňden gowrak türkmen talybynyň bilim alýandygy muňa şaýatlyk edýär» diýip, ol belledi.
Şeýle-de Russiýanyň we Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň bazarynyň integrasiýasyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Ol 2026-njy ýylda Aşgabadyň GDA-da başlyklyk etjekdigini ýatlatdy.
Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň ählumumy meselelerde hyzmatdaşlyk we özara ynanyşmak ruhuny döretmek üçin çynlakaý tagalla edýändigini belledi.
«Şu nukdaýnazardan, men türkmen kärdeşlerimiz tarapyndan taýýarlanan Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyny makullamak isleýärin. Bu resminama forumyň dowamyndaky bilelikdäki işimiziň möhüm netijesi bolar» diýip, Russiýanyň döwlet Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň