Oýun sanawy


Tebigy gazdan wodorod almak üçin Türkmenistanda barlaghana enjamy işlenip düzülýär
06 Okt. 08:26Türkmenistanyň 2022–2023-nji ýyllar üçin wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýol kartasyna laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi döredildi.
Merkeziň işi ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri, ylmy merkezleri bilen bilelikde ylmy okuw taslamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýär.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde dürli tehnologiýalar arkaly wodorod ýangyjyny öndürmek başartdy. Elektron bejeriş arkaly suwdan “ýaşyl” wodorod alynyp, şeýle hem plazmohimiki usul arkaly tebigy gazdan wodorod öndürýän barlaghana enjamy taýýarlanyldy.
Alnan önüm Agilent Technologies 6890 kysymly gaz hromatografy arkaly seljerilip, wodorod bilen bir hatarda tehniki uglerodyň hem emele gelýändigi anyklanyldy.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek babatda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi. 2026-njy ýylda bolsa türkmen mugallymlarynyň Sukuba uniwersitetine iş saparlaryna gidip, okuw maksatnamalaryna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem okanyň