Oýun sanawy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga resmi çakylyk iberdi. Duşuşyga Merkezi Aziýanyň beýleki döwlet Baştutanlary hem gatnaşarlar.
Hatda bellenilişi ýaly, duşuşygyň maksady ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek bolup, onuň dowamynda ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Donald Tramp hatynda bilelikdäki tagallalaryň ýokary netijelere getirjekdigine ynanýandygyny belläp, Türkmenistanyň Liderini Ak tamda garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.
Şeýle hem okanyň