Oýun sanawy


AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Türkmenistany wekilçilik edýän «Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynyň arasyndaky duşuşyga Bahreýniň eminler topary bellenildi. Oýnuň baş emini hökmünde 39 ýaşly Ammar Ibrahim Hasan Mahfud çykyş eder.
Oňa kömekçi eminler hökmünde Mohamed Jaafar Mohamed Salman we Abdulla Saleh Abdulla Mohsen Alrowaýimi iş alyp bararlar. Ätiýaçlyk emin wezipesi Mohamed Haled Tarrara ynanyldy. VAR ulgamyna bolsa Küweýtden Abdulla Al-Kandari jogap berer.
Duşuşyk Türkmenistanda, Aşgabat şäherinde 11-nji fewral, çarşenbe güni geçiriler. Oýun ýerli wagt boýunça sagat 18:45-de başlanar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.
Şeýle hem okanyň