Oýun sanawy

«Frankofoniýa – 2026»: Fransuz diliniň we medeniýetiniň dünýäsine jadyly syýahat

06 Aprel. 08:04

Çeşme

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hakyky medeniýet ojagyna we dostluk merkezine öwrüldi. Bu ýerde «Frankofoniýa – 2026» festiwalynyň dabaraly jemleýji tapgyry we ýeňijileri sylaglamak dabarasy uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Bu ýylky festiwal «Hereketde bolmak» («En mouvement») diýen joşgunly şygar astynda guralyp, ol ýaşlaryň fransuz diline bolan höwesini täze belentliklere göterdi we medeni gatnaşyklaryň has-da berkemegine itergi berdi.

Dabaranyň açylyşynda çykyş eden institutyň rektory Gülşat Ýusupowa, Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Filipp Merlen we Bilim ministrliginiň wekili Ezizmuhammet Mämmedow bu çäräniň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Olar her ýylyň 20-nji martynda dünýäde bellenilýän Halkara Frankofoniýa gününiň halklary birleşdiriji güýçdigini nygtadylar. Çykyşlarda fransuz diliniň diňe bir diplomatik aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky ynsanperwer dostluk köprüsidigi aýratyn bellenildi.

«Frankofoniýa» baýramy diňe bir fransuz dilini däl, eýsem dünýädäki medeni dürlüligi we parahatçylygy dabaralandyrýan halkara ähmiýetli wakadyr.

Festiwalyň maksatnamasy özüniň köpdürlüligi we gyzyklylygy bilen gatnaşyjylary haýran galdyrdy. Onuň çäklerinde geçirilen aýdym aýtmak, düzme ýazmak we dilden dürs ýazuw bäsleşikleri ýaşlaryň zehinini açmaga giň mümkinçilik döretdi. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen fransuz dili olimpiadasynyň diktant, test we söhbetdeşlik tapgyrlary ýaş nesliň bu dile bolan ylmy gyzyklanmasynyň we bilim derejesiniň örän ýokarydygyny aýdyň görkezdi.

Bu uly göwremli çäräniň guramaçylyk işleri Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we Fransiýanyň ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty tarapyndan halkara derejesinde utgaşykly alnyp barlypdyr. Belgiýanyň, Rumyniýanyň, Şweýsariýanyň we Kanadanyň ýaly fransuz dilli ýurtlaryň, şonuň bilen bir hatarda Ermenistanyň, Ukrainanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalarynyň goşandy bu baýramçylygyň gerimini has-da giňeltdi. Ýörite hemaýatkärlik eden «TotalEnergies», «Bouygues Turkmen» we «Lacoste» ýaly dünýä belli kompaniýalar ýeňijiler üçin gymmatly sowgatlary taýýarladylar.

Dabaranyň ahyrynda ähli intellektual we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerine diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. «Frankofoniýa – 2026» festiwaly Türkmenistanda fransuz medeniýetine bolan gyzyklanmany täze derejä götermek bilen, talyplaryň we okuwçylaryň arasynda özara tejribe alyşmak üçin üýtgeşik platforma boldy. Bu waka iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi we ýaşlaryň geljekki üstünliklerine badalga berdi.

 

 

Kemal WELMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌