Oýun sanawy


«Ahal» AFK Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi
20 Awgust. 13:01Türkmenistanyň «Ahal» futbol klubynyň 2026/2027-nji ýyllar möwsümindäki AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy. Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki Aziýa futbol konfederasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekilişigiň netijesinde «Ahal» Günbatar zolagynyň «A» toparçasyna düşdi. Türkmen topary Liwanyň «Al-Ansar», Siriýanyň «Al-Ittihad» we bäsleşige öý eýesi hökmünde öňda duran Butanyň «Paro» klublary bilen güýç synanyşar.
Toparçalaýyn tapgyryň oýunlary 2026-njy ýylyň 17–23-nji oktýabry aralygynda Butanda merkezleşdirilen görnüşde guralyp, her bir topar öz garşydaşlary bilen bir gezek duşuşar. Bije çekilişigiň öň ýanynda birinji sebetde ýerleşen «Ahal» bilen birlikde, toparçalaýyn tapgyra gatnaşýan 20 klubyň her birine 100 müň dollar kepillendirilen pul baýragy berler.
Bäsleşigiň çärýek finalyna Günbatar zolakdan üç toparçanyň ýeňijileri hem-de ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowy netijäni görkezen bir topar geçer. Pley-off tapgyrynyň çärýek finallary 2027-nji ýylyň martynda, ýarym finallar aprelde, altyn ugrundaky duşuşyk – final bolsa 8-nji maýda geçiriler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.