Oýun sanawy


Messiniň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky hoşlaşyk oýnunyň petekleri 4 minutda satylyp gutardy
29 Sen. 09:06Lionel Messiniň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky iň soňky hoşlaşyk duşuşygyna bolan petekler resmi satuwa çykarylandan soň bary-ýogy 4 minudyň içinde doly satylyp gutardy. «Olé» neşiriniň habar bermegine görä, 85 müň tomaşaçy sygyýan Buenos-Aýresdäki «El Monumental» stadionynda 6-njy oktýabrda Argentina bilen Beniniň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek bu taryhy oýun üçin petek satuwy 24-nji sentýabrda ýerli wagt bilen sagat 18:00-da başlandy.
Aşa uly isleg sebäpli onlaýn petek satýan ulgamyň saýtyna birden aşa agram düşüp, ulgamda näsazlyklar döredi we müňlerçe janköýer elektron nobatda garaşmaly boldy. Şeýle hem petekleriň bir bölegi Argentinanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan hemaýatkärler hem-de resmi taraplar üçin bellenilendigi sebäpli, köpçülikleýin satuwa çykarylan petekleriň sany çäklendirildi. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 7-nji oktýabra geçilýän gije sagat 01:00-da başlar. 39 ýaşly efsanewi hüjümçi Lionel Messi milli ýygyndydaky karýerasyna 2005-nji ýylda başlap, şu wagta çenli 207 oýunda 125 gol urdy we 68 netijeli pas berdi.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.