Oýun sanawy

Daşoguz welaýaty şaly hasylynyň meýilnamasyny üstünlikli tamamlady

11 Noý. 09:46

Çeşme

Daşoguz welaýatyň daýhanlary şaly hasylynyň tabşyryş borçnamasyny doly ýerine ýetirdiler. Bu barada iş maslahatynda welaýat häkimi D. Babaýew habar berdi. Maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi, diýip TDH ýazýar.

Maslahat oba hojalyk toplumynyň ösüşine we sebitlerde alnyp barylýan işlere bagyşlanyp, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew we beýleki welaýat häkimleri hem gatnaşdy. 


Häkim D. Babaýew beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi: pagta ýygnagy ýeňil we ýitgisiz alnyp barylýar, kabul ediş nokatlary we oba hojalyk tehnikalary yzygiderli işlenýär.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow medeni-ykdysady we ýaşaýyş jaýlarynda ýylylyk ulgamlarynyň işini üpjün etmek hem-de şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen gurluşyk taslamalarynyň ýagdaýy barada maglumat aldy.
Hasabatdan soň Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynda agrotehniki düzgünleriň berjaý edilmeginiň, oba medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň ähmiýetini belledi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌