Oýun sanawy


2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyklar bilen tanyşdy.
Milli Lider bu çäreniň ýurdumyzda ekologiýanyň durnuklaşdyrylmagyna we abadanlaşdyrylmagyna goşýan möhüm goşandyny nygtap, bag ekmek däpleriniň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ähli möwsümlere çydamly, hemişe ýaşyl ösýän bag nahallarynyň saýlanyp alynmagynyň wajypdygyny aýtdy.
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D. Orazow bilen şäheriň häkimi G. Mämmedow taýýarlyk işleri boýunça hasabat berdiler. Olar şu möwsümde türkmen arçasynyň giň gerimde ekilmegini teklip etdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi goldap, baglara idegiň agrotehniki talaplara laýyklykda düzgünli alnyp barylmalydygyny aýtdy.
Türkmen arçasy häzirki wagtda Ahal welaýatynda giňden ösdürilip ýetişdirilýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň