Oýun sanawy


Ýakyn günlerde Türkmenistanyň energetika pudagynda taryhy waka garaşylýar: dünýäniň iň uly gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýolöten etrabynda täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynyň dowamynda mälim etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu ägirt uly taslama ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga we Mary welaýatynyň senagat depginini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
«Galkynyş» käniniň dördünji tapgyrynyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkider. Taslama tebigy gazyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa daşarky bazarlara durnukly eksporty üpjün etmek üçin möhüm binýat bolar. Prezident Mary welaýatynda diňe bir senagat däl, eýsem döwrebap medeni-durmuş maksatly desgalaryň hem yzygiderli gurlup ulanmaga beriljekdigini aýratyn nygtady.
Halkymyzyň her bir maşgalasynyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Prezident Serdar Berdimuhamedow geljekde-de ähli welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek we täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň dowam etdiriljekdigini bildirdi. Her bir täze gurluşyk we senagat taslamasy ahyrky netijede raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir.
Bu täze taslama Türkmenistanyň «mawy ýangyç» gorlaryny netijeli ulanmak baradaky strategik meýilnamalarynyň nobatdaky möhüm halkasydyr. «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyrynyň işe girizilmegi sebitde täze iş orunlarynyň döredilmegine, düzümleýin infrastruktura ulgamynyň kämilleşmegine we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da gülläp ösmegine ägirt uly goşant goşar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.