Oýun sanawy

AK GAÝA – Rahatlygyň we ýokary hiliň utgaşmasy

25 Sen. 11:59

GAYA markasy, Ak-Gaýa kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Bu marka ýokary hilli gury gurluşyk garyndylary we gipsokarton önümlerini hödürleýär. Önümler halkara talaplaryna laýyklykda öndürilýär we ekologik, berk hem-de ýangyna garşy häsiýetlere eýedir.

Önümçilik kuwwaty:

  • Ýyllyk: 8 000 000 m² gury garyşyk

  • Ýyllyk: 78 000 tonna gipsokarton

  • Önümçilik GOST standartlaryna laýyk gelýär

Eksport ugurlary:

Önümler Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan we beýleki ýurtlara eksport edilýär.

Önümler:

SIVA — Perlitli suwag

  • Pasta görnüşinde taýýar

  • Kerpiç, beton, gazobeton üçin

  • Gaty, çydamly we ýangyna garşy

  • Çyglylygy sazlaýar

SATEN — Soňky gat şpatlýowka

  • Boýaga taýýar tekiz gat

  • Ýapyşma ukyby ýokary

  • Siňdiriş pes

  • Saglykly daşky gurşaw döredýär

KARTONPIYER — Bezeg üçin gurluşyk gipsi

  • Nişa, heýkel, dekor üçin

  • Inçe däneli

  • Aňsat garyşýar

MAKINE SIVA — Enjam bilen suwalmaga taýýar gips

  • Bir gat bilen suwalanýar

  • Gaty we tekiz ýüz döredýär

  • Ýangyna garşy, mehaniki ulanylyş üçin amatly

GAYA Gipsokarton

  • GKL (A görnüşi) – standart

  • GKLV (H2 görnüşi) – çyglylyga çydamly

  • GKLO (F görnüşi) – oda çydamly

  • Ölçegler: 9.5 mm we 12.5 mm

  • Diwar, potolok we dizaýn üçin

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌