Oýun sanawy


«Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň 2026-njy ýyldaky jemleýji tapgyry 7–8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bütindünýä tatar kongresiniň wekili Almaz Haliulliniň habar bermegine görä, bu iri çäre GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti bilen bir wagta gabat geler.
Munuň özi guramaçylardan aýratyn taýýarlyk işlerini talap edýär. Şol sebäpli bäsleşigiň taryhynda iň giň gerimli çäreleriň birine öwrüljek bu finala we ýeňijileri sylaglamak dabararyna ýokary derejede çemeleşilýär.
Gatnaşyjylara baha berlende esasy üns olaryň tebigylygyna we hoşniýetliligine berler. Emin agzalary gyzlara diňe sahnadaky çykyşlary boýunça däl, eýsem taýýarlyk döwründäki we bäsleşikden daşgary özüni alyp barşy boýunça hem baha bererler.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.