Oýun sanawy

«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

24 Sen. 16:29

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak barada Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, medeniýet, sungat, edebiýat we köpçülikleýin habar serişdeleri ugry boýunça ýokary netijeleri görkezen döredijilik işgärlerine altyn zynjyr hem-de pul baýraklary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan jemi 380 800 manat möçberinde pul serişdesi ajratyldy. Baýraklar aýratyn döredijilik işgärlerine, aýdymçylara, žurnalistlere, şeýle hem tans, folklor we halyçylar toparlaryna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌