Oýun sanawy

Çagalykda şekeri az sarp etmek rak keseliniň döremek howpuny ep-esli azaldýar

03 Sen. 08:33

Çeşme

Enäniň göwrelilik döwründe we çaganyň ömrüniň ilkinji iki ýylynda şekeri az peýdalanmak onlarça ýyldan soň rak keseliniň döremek ähtimallygyny peseldýär hem-de biologik garrama haýalladýar. «PNAS» žurnalynda neşir edilen barlagda alymlar II Jahan urşundan soň Beýik Britaniýada azyk talonlarynyň ýatyrylmagy bilen baglylykda 1951–1956-njy ýyllarda doglan 64 müňden gowrak adamyň iýmitleniş tejribesini öwrendiler. Barlagçylar çaganyň düwünçek döwründen tä iki ýaşyna çenli bolan ilkinji 1000 gününe aýratyn üns berdiler.

Ömrüniň ilkinji günlerinde şeker çäklendirmesi şertlerinde bolan adamlarda rak keseliniň bäş görnüşiniň döremek howpunyň pesdigi ýüze çykaryldy. Iň uly tapawut bagyr ragynda bellenilip, keseliň ýüze çykma ähtimallygy 69 göterim, göwüs ragynda bolsa 36 göterim azaldy. Şeýle hem bu adamlarda DNK-nyň telomerleri uzyn bolup, olaryň biologik garramasy takmynan 2,2 ýyl haýallady. Alymlar bu netijeleriň çagalara şekeri bütinleý gadagan etmek üçin däl-de, eýsem ilkinji ýyllardaky sagdyn iýmitlenişiň uzak möhletli täsirini görkezmek üçin wajypdygyny nygtadylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌