Oýun sanawy


Aşgabadyň Halkara dikeldiş merkezinde oňurga myşsa atrofiýasy (OMA) bilen kesellän çagalaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýörite okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre ÝUNISEF-iň hem-de Şweýsariýanyň «F. Hoffmann-La Roche Ltd» kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralyp, maýyplygy bolan çagalar üçin döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirildi. Okuwyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy usullaryny Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuwa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen newrologlar, dikeldiş hünärmenleri we Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň lukmanlary gatnaşdylar. Jemi 100-den gowrak hünärmeni birleşdiren ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri hem çykyş etdiler. Hünärmenler OMA ýaly seýrek duş gelýän genetiki keselleriň bejergisinde täzeçil çemeleşmeleri ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Genetiki näsaglygyň bu görnüşi hereket ulgamyna zeper ýetirip, myşsalaryň gowşamagyna sebäp bolýar, emma çaganyň aň-düşünjesine täsir etmeýär. Şol sebäpli, okuw maksatnamasynda keseli irki döwürde anyklamak we bedeniň durşuny sazlaýyş usullaryny dogry ulanmak ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Lukmanlar kömekçi tehniki serişdeleri peýdalanmagyň we dem alyş ulgamyny goldamagyň iň netijeli tärlerini iş ýüzünde özleşdirdiler.
Amaly okuwlaryň dowamynda OMA-ly çagalar we olaryň ene-atalary hünärmenler bilen bilelikde işlediler, bu bolsa bejergi usullarynyň maşgala şertlerinde dowam etdirilmegine şert döretdi. Çäreleriň netijesinde her bir çaga üçin özboluşly dikeldiş meýilnamalary düzüldi. Şeýle okuwlaryň yzygiderli geçirilmegi seýrek duş gelýän keselleriň idegi boýunça ýurdumyzyň lukmançylyk tejribesiniň halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşmegine uly goşant goşýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.