Oýun sanawy

Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – durmuşymyzyň asudalygy” atly bir aýlyk çäre başlandy

02 Sen. 09:58

Çeşme

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – durmuşymyzyň asudalygy” şygary astynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge bagyşlanan däp bolan bir aýlyk çäre başlandy. Bu çäre ilkinji gezek 2013-nji ýylyň 7-nji iýunynda öňki Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilipdi we şu ýyl on ikinji gezek geçirilýär.

Çäräniň çäginde ähli ministrliklerde, pudaklaýyn edaralarda, mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda we kärhanalarda ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maslahatlar, duşuşyklar we okuw sapaklary guralýar.

Ýokary okuw jaýlarynyň hem-de mekdepleriň töwereklerinde ýol gözegçiligi gullugynyň eko-tigirli toparlary nobatçylyk edýär. Bu ýerlerde ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berilýär.

Bu çäreler Türkmenistanyň “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” kanunyna hem-de “Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky” kodeksine laýyklykda geçirilýär. Düzgün bozýanlar kanunçylyk esasynda jogapkärçilige çekilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌