Oýun sanawy

Ed Şiran maşgalasy üçin sahnadan wagtlaýyn gidýändigini mälim etdi

17 Iýun. 07:40

Çeşme

Meşhur britan aýdymçysy we sazandasy Ed Şiran döredijilik karýerasynda wagtlaýyn arakesme alýandygyny yglan etdi. «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna görä, ol bu baradaky kararyny Glindeýl şäherinde geçiren konserti wagtynda muşdaklaryna ýetirdi. Aýdymçy sahna çykyşynda: «Bu meniň iň soňky konsertim. Mundan soň bütin wagtymly maşgalamyň ýanynda geçirmek üçin zähmet rugsadyna çykýaryn» diýip aýtdy.

Häzirki wagtda Ed Şiranyň we onuň ýanýoldaşy Çerri Sibornyň bir ogly hem-de bir gyzy bar. Neşiriň bellemegine görä, aýdymçy 2026-njy ýylyň ýanwarynda Täze Zelandiýada başlanan dünýä turnesinden bäri öz maşgala agzalaryny görüp bilmändir.

«Spotify» aýdym-saz platformasynyň görkezijilerine görä, Ed Şiranyň bütin dünýäde 86 milliona golaý durnukly diňleýjisi bar. Onuň iň uly meşhurlyk getiren «Shape of You» atly aýdymy bolsa häzirki wagta çenli 5 milliarddan gowrak gezek diňlenildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌