Oýun sanawy


TOPH sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün eder we müňlerçe iş ýerini döreder
21 Okt. 05:44Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçiriji taslamasy diňe bir energetika ulgamy bilen çäklenmän, eýsem sebitde dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we ykdysady özara bähbitleriň nyşany bolup çykyş edýär. Bu barada Owganystanyň ykdysady meseleler boýunça wise-premýeri Abdul Gani Baradar Serhetabat–Herat ugrunda gaz geçirijiniň täze tapgyrynyň gurluşygyna bagyşlanan dabarada aýtdy.
Baradaryň bellemegine görä, TOPH taslamasy gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky ynamy güýçlendirýän we bilelikdäki durnukly ösüşe hyzmat edýän möhüm başlangyçdyr. Strategik ähmiýeti bolan bu taslama häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Wise-premýer bu taslamanyň müňlerçe adamy iş bilen üpjün etjekdigini we sebit ýurtlarynda ykdysady ösüşe täze itergi berjekdigini aýtdy. Şeýle hem, Owganystan TAPI taslamasyny diňe ykdysady mümkinçilik hökmünde däl, eýsem Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm ädim hökmünde görýär.
Gaz geçirijiniň ugrunda degişli düzümler dörediler: elektrik geçirijiler, awtomobil we demir ýollar, şeýle-de logistika merkezleri. Bu bolsa sebitde täze söwda-ykdysady ulgamynyň döremegine mümkinçilik döreder.
Baradar çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar dostluga we ruhy-medeni umumylyk esaslanýandygyny nygtady.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň