Oýun sanawy


ABŞ-nyň we Bahreýniň öňki tälimçisi – Täjigistanyň futbol boýunça garşydaşy bolan Taýlandyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy
24 Okt. 06:08Taýlandyň futbol milli ýygyndysyna öň ABŞ, Täze Zelandiýa we Bahreýn milli ýygyndylarynda işläp gören britaniýaly hünärmen Entoni Hadson ýolbaşçy bellenildi. Bu barada Taýland Futbol Assosiasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Hudsonyň bellenilmegi ýapon tälimçi Masatada Isiýanyň wezipesinden çekilmeginden iki gün soň amala aşyryldy. Täze wezipesine çenli 58 ýaşly hünärmen Taýland Futbol Federasiýasynda tehniki direktor wezipesinde işleýärdi.
Entoni Hadson halkara arenasynda Täze Zelandiýanyň ýygyndysyna 2014–2017-nji ýyllarda ýolbaşçylyk edip, 2016-njy ýylda Okeaniýa çempionatyny gazanypdy. 2013–2014-nji ýyllarda Bahreýniň milli ýygyndysynyň tälimçisidi, 2023-nji ýylda bolsa ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiligini ýerine ýetirýärdi. Klublar derejesinde ol Taýlandyň «BG Pathum United», şeýle hem Kataryň «Al-Arabi» we «Al-Markhiya» toparlarynda işländi.
«Men Taýlandyň milli ýygyndysyny, bu ýurduň futbolyny gaty söýýän. Maksadym – Taýlandy 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň finalyna çykarmak» diýip, Hudson tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy.
Täze tälimçi şeýle hem, toparyň 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatyna çykmaga mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýandygyny belledi. «Men ynanýaryn, biz Dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykyp bileris. Munuň üçin bäsleşik derejesini artdyrmaly» diýip, britaniýaly hünärmen nygtady.
Ol öňki tälimçi Isiýanyň gazanan netijelerini düýpli üýtgetmek niýetinde däldigini aýtdy. «Meniň stilim başga, ýöne öňki tälimçiniň gazanan üstünliklerini ýok etmek akylsyzlyk bolardy. Men topary tapgyrma-tapgyr ösdürerin» diýip, Hudson belleýär.
Şu ýylyň iýun aýynda Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy öý meýdançasynda Taýlandy 3:1 hasaby bilen ýeňdi. D toparyndaky bu duşuşyk Aşgabatda geçirildi. Gollary Mihail Titow, Ihlas Saparmammedow we Meken Saparow geçirdiler.
Türkmenistanyň we Taýlandyň ýygyndylarynyň indiki duşuşygy 2026-njy ýylyň mart aýynda bolar. Bu duşuşyk Aziýa Kubogyna çykmak ugrundaky esasy duşuşyklardan biri bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda iki topar hem 9 utuk toplap, D toparynyň birinji ornuny paýlaşýarlar. Şri-Lanka 3 utukdan yza galyp üçünji ýerde durýar, Hytaý Taýpeý bolsa hiç utuk gazanyp bilmedi.
Aziýa Kubogy – 2027-niň final tapgyry 2027-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan 5-nji fewralyna çenli Saud Arabystanynda geçiriler. Bu ýaryşda yklymyň iň güýçli 24 milli ýygyndysy çykyş eder.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.
Şeýle hem okanyň