Oýun sanawy


Türkmen talyplary Rumyniýanyň meşhur tehniki uniwersitetinde tomusky önümçilik tejribesini geçýärler
25 Iýun. 03:10Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň (TT we II) iň zehinli talyplary şu ýylyň 21-nji iýuny bilen 13-nji iýuly aralygynda Rumyniýanyň Kluž-Napoka tehniki uniwersitetinde guralan tomusky önümçilik tejribesine gatnaşýarlar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bu halkara okuw-tejribe maksatnamasy iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda öň baglaşylan resmi hyzmatdaşlyk ylalaşygyna laýyklykda durmuşa geçirilýär. Tejribe toparyna okuwda we ylymda ýokary görkezijileri gazanan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hem-de programma üpjünçiligi boýunça öz dizaýn taslamalary bolan talyplar, şeýle hem institutyň tejribeli mugallymlary girizildi.
Sebitiň iň innowasion we döwrebap ylmy-barlag binýady bolan Kluž-Napoka tehniki uniwersiteti türkmen talyplaryna täze nesliň serwer, aragatnaşyk tor we robototehniki enjamlary bilen işlemäge doly şert döretdi. Ýaş hünärmenler tejribäniň çäklerinde maglumatlary gaýtadan işlemegiň intellektual programmalaryny, telekommunikasiýa ulgamlarynyň toplumlaýyn diagnostikasyny we kiberhowpsuzlyk maksatnamalaryny çuňňur özleşdirýärler. Okuwlaryň iň esasy aýratynlygy bolsa, talyplaryň Rumyniýada ýerleşýän dünýäniň «Bosch», «Emerson» we «Tenaris» ýaly ägirt uly tehnologiýa korporasiýalarynyň önümçilik merkezlerine göni baryp, iş ýüzünde tejribe toplap bilýändikleridir. Şonuň bilen birwagtda, türkmen wekiliýeti guralýan resmi duşuşyklarda Türkmenistanyň bilim we sanly ykdysadyýet ulgamyndaky gazanan üstünliklerini halkara jemgyýetçiligine yzygiderli tanyşdyrýarlar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.