Oýun sanawy

Hytaý talyplary Belgiýadaky Türkmenistan ilçihanasyna baryp gördüler

13 Awgust. 05:56

Çeşme

Belgiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasynda, tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşmak üçin Brýussel şäherine gelen hytaýly ýaşlaryň topary bilen duşuşyk geçirildi.

Hytaýyň dokuz welaýatyndan gelen ýokary synp okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat 27 adamlyk topar bilen duşuşykda Türkmenistanyň daşary syýasaty barada gürrüň berildi. Ilçi Palwanow ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine aýratyn üns çekdi.

Ol Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji Konferensiýasy (LLDC3) hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynam ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada aýtdy.

Diplomat, Türkmenistanyň sebitleýin parahatçylygy pugtalandyrmakdaky orny, ulag diplomatiýasyny ösdürmekdäki tagallalary, hem-de Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky strategik köpri hökmünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça edilen işler barada gürrüň berdi. Şeýle hem, ÝB we Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bellenildi.

Ilçi, Türkmenistanyň taryhda Beýik Ýüpek ýolundaky möhüm orny hakynda aýtdy. Merv, Amul, Sarahs we Dehistanyň üsti bilen Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän kerwen ýollary geçýärdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bu taryhy wezipesini dowam etdirýär.

Duşuşyk mahaly, Türkmenistanyň medeni-taryhy mirasyna degişli sergi görkezildi. Onda milli şaý-sepler, tikin-çalgy önümleri we milli geýimler görkezildi. Talyp-laryň hersine dostluk nyşany hökmünde türkmen tahýasy sowgat berildi.

Duşuşyk açyk hem-de dostlukly atmosferada geçdi. Talyplar halkara gatnaşyklary, diplomatiýa, taryh we häzirki zaman Türkmenistany baradaky soraglary berdiler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌