Oýun sanawy

Magtymguly adyndaky TDU-da innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat öz işine başlady

14 Maý. 06:11

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär. Sanly ulgam arkaly guralan bu forum ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini dabaralandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Çäräniň açylyş dabarasynda häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara ylmy maslahata dünýäniň 24 döwletinden, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, Italiýadan, Türkiýeden, Eýrandan we Hindistandan 100-den gowrak alymdyr professor-mugallymlar gatnaşýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň 30 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan 288 wekil özara tejribe alyşmak üçin ýygnandylar. Şeýle giň gerimli wekilçilik häzirki zaman ylmy barlaglaryň netijelerini dürli pudaklara ornaşdyrmakda täze ylmy-usulyýet esaslaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýär.

Bu ylmy sammitiň esasy wezipesi täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda dünýä ylmynyň gazananlaryny milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Gatnaşyjylar ylym-bilim merkezlerinde alnyp barylýan täze barlaglaryň netijeleri bilen tanyşmaga, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollaryny öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Maslahat parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara ylmy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň täsirli guraly hökmünde çykyş edýär.

Umumy mejlisde edilen çykyşlarda ylym, bilim we önümçilik arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Alymlar ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamakda halkara tejribesini ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Maslahat bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň eýwanynda guralan sergi bolsa, ylmyň iň soňky innowasion täzeliklerini we ylmy-usuly işleri görkezmek üçin uly meýdança boldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌