Oýun sanawy


Türkmenistanyň bilim ulgamynda «ýaşyl» ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
03 Aprel. 04:25Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (SAREC) maksatnamasynyň Iş toparynyň üçünji ýyllyk mejlisinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Ministriň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet tarapyndan ýurduň bilim syýasatynda «ýaşyl» endikleri ösdürmek we zähmet bazarynyň täze talaplaryna uýgunlaşmak boýunça amala aşyrylýan işler tanyşdyryldy. Bu halkara platformasy sebitdäki ýokary we hünär bilimini döwrebaplaşdyrmakda möhüm orun tutýar.
Türkmenistan SAREC-iň çäklerindäki hyzmatdaşlygy strategik ugur hökmünde garap, eýýäm halkara tejribesini milli bilim maksatnamalaryna ornaşdyrmaga başlady. Alnan täze bilimler we usulyýetler adalatly ykdysady geçişi üpjün etjek hünärleri çaklamakda hem-de talyplarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde ulanylýar. Şeýle çemeleşme ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine we tehnologik taýdan kämilleşmegine göni ýardam berýär.
Mejlisiň netijeleri 2026 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen Türkmenistanyň ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Hususan-da, geljekde isleg bildiriljek hünärleri öňünden kesgitlemek we okuw meýilnamalarynyň mazmunyny täzelemek meselelerine aýratyn üns berler. Bu bolsa ýokary okuw mekdepleriniň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga we halkara uniwersitet hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açmaga mümkinçilik berer.
Bu halkara taslamasyna gatnaşmak ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag kuwwatyny has-da berkitmäge ýol açýar. Döwrebap bilimli, täzeçe pikirlenýän we «ýaşyl» tehnologiýalardan başy çykýan hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň bilim ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlendi. Ministrligiň resmi maglumatlaryna görä, geçirilen duşuşygyň netijeleri ýurduň bilim pudagyndaky halkara standartlarynyň berkarar edilmegine goşant goşar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.