Oýun sanawy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze rektor bellenildi

21 Mart. 18:49

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Baýrammyradowiç Ataýew bellenildi. Bu baradaky habar «Watan» habarlar gepleşiginde resmi taýdan tassyklanyp, ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen möhüm ädim boldy. Täze ýolbaşçynyň bellenilmegi institutyň öňünde duran täze wezipeleri we innowasion ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge itergi berer.

Bu bellenişik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny we ylmy-bilim kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň dowamy bolup durýar. Binagärlik we gurluşyk ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän pudaklarynyň biri bolansoň, institutyň täze ýolbaşçysynyň öňünde döwrebap şäher gurluşygy kadalaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri kemala getirmek borjy durýar.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, institutyň öňki rektory Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde uly jogapkärçilikli wezipä — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenipdi. Bu bolsa ýokary okuw mekdebiniň ozalky ýolbaşçysynyň döwlet dolandyryşynda we pudaklaýyn ösüşde bitiren hyzmatlaryna goýlan ýokary bahadyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin binagärleri, inženerleri we tehnologlary taýýarlamakda esasy merkez bolup galýar. Täze bellenilen rektoryň ýolbaşçylygynda institut halkara bilim standartlaryny ornaşdyrmak we milli binagärlik däplerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrmak ugrunda öz işini dowam etdirer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌