Oýun sanawy


Türkmenistanyň talyplary halkara ekologiýa bäsleşiginde üstünlik gazandylar
02 Maý. 09:00Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ekologiýa howpsuzlygy» atly abraýly halkara olimpiadasynda ýokary netije görkezdiler. Ufa döwlet nebit tehniki uniwersiteti tarapyndan guralan bu intellektual bäsleşikde institutyň ikinji ýyl talyplary S. Hožanyýazowa we R. Miriýewa hormatly ikinji orna mynasyp boldular. Bu üstünlik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk gelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ýeňijileriň halkara derejesinde tapawutlanmagynda olaryň ylmy ýolbaşçysy, bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy H. Kazakowanyň goşandy uly boldy. Mugallymyň ýolbaşçylygynda talyplar ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda çuňňur bilimlerini we amaly ukyplaryny görkezip bildiler. Şeýle ylmy gatnaşyklar ýaş hünärmenleriň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmegine ýardam berýär.
Halkara bäsleşiginde gazanylan bu ýeňiş mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetinde dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümi, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýeňijileriň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti barada çykyşlar edilip, talyplaryň ylmy gözleglere bolan höwesi aýratyn bellenildi.
Dabaranyň ahyrynda ýeňiji bolan talyp gyzlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň institutdaky ilkinji guramasy tarapyndan ýörite ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu baýraklaryň gowşurylmagy ýaşlaryň geljekde has uly ylmy we döredijilik üstünliklerini gazanmaga itergi berer. Institutyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, bu waka ýokary okuw mekdebiniň durmuşynda möhüm ylmy ýigdim hökmünde taryha girdi.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.