Oýun sanawy

Döwlet Baştutany agrar ulgamdaky möwsümleýin işleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

12 Maý. 03:38

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we degişli wise-premýeriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda sebitleriň ykdysady ösüşi, aýratyn-da, oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan çäreler jikme-jik seljerildi. Döwlet Baştutany ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna we agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri özüniň jemleýji tapgyryna gadam basdy. Galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde tohumlyk däne hasylyny ýygnamak we ony bellenen kadalara laýyklykda saklamak ugrunda zerur çäreler görülýär. Şol bir wagtyň özünde, gowaça meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi geçirmek we ekinleri otag etmek işleri güýçli depginde dowam edýär. Ýazlyk ekinlere ideg etmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär.

Maldarçylyk we ýüpekçilik pudaklarynda hem möwsümleýin işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Kärendeçiler ýüpek gurçugyna ideg etmekde we pile öndürmekde uly tagallalar edýärler. Şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam etdirilýär. Prezident bu möwsümleriň her biriniň bellenen meýilnamalara laýyklykda we ýokary hilli amala aşyrylmalydygyny häkimleriň öňünde wezipe edip goýdy.

Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky milli maksatnamanyň ýerine ýetirilişi maslahatyň ýene bir möhüm mowzugy boldy. Şu ýylyň dowamynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik binalarynyň gurluşyk depginlerini saklamak we olaryň hiline berk gözegçilik etmek barada anyk görkezmeler berildi. Bu işleriň ählisi ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga we döwrebap düzümleri kemala getirmäge gönükdirilendir.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.